Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýramalyda durky täzelenen AÝGB açyldy

12:1214.11.2020
1
5455

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, awtomobillere ýangyç guýujy №125 beket işläp başlady. Gysga wagtyň içinde ol dünýä ülöüleriniň ählisine laýykl gelýän döwrebap AÝGB-e öwrüldi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň resmi saýty habar berýär.

Düýpli abatlaýyş işleri «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň Mary welaýat kärhanasynyň gurluşyk-gurnama hojalyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

AÝGB-niň müşdelerine ýangyjyň ähli görnüşleri hödürlenilýär. Bu ýerde birbada birnäçe awtomobil ýangyç guýduryp bilýär. Benzin, dizel ýangyjy — ählisi ýokary hilli.

Täze AÝGB her günde 650-ä çenli awtomobile hyzmat etmäge ukyply.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň