Aşgabatda Sahy Jepbarowa bagyşlanan ýatlama konserti geçirildi

15:0509.11.2020
0
4358
Aşgabatda Sahy Jepbarowa bagyşlanan ýatlama konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Bu ýerde geçirilen konsertde Türkkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew, Amanöwez Saparow, Parahat Şyhymow, Pälwan Hamydow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kerwen Ýowbasarow we beýlekiler halypanyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň