Soňky habarlar

Arhiw

Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagyň geçirilmegi barada

13:0609.11.2020
0
14940


Ýapon Gaznasy (Japan Foundation) we Ýaponiýanyň bilime goldaw berme halkara guramasy (Japanese Educational Exchanges and Services) Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanda ilkinji gezek ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilmegi meýilleşdirilýär.
JLPT Ýaponiýada we daşary ýurtlarda ýapon dili öz ene dili bolmadyk adamlaryň ýapon dilini biliş derejesini ölçemek we tassyklamak maksady bilen geçirilýän dünýäde iň uly ýapon dili synagy bolup durýar.  
 
Synag tabşyrmak isleýänleri aşakdaky synag barada instruksiýasy bilen içgin tanşyp, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna doldurylan zaýawkany we synag kagyzyny aşakda görkezilen synaga giriş tölegi bilen bilelikde getirmegiňizi haýyş edýäris.
Kabul ediş wagty:      6 noýabrdan (anna) 12 noýabra (penşenbe) çenli.
                                   Irden: 10:00 - 12:00
                                   Gündiz: 14:00 - 16:00
Synag tölegi:             N1 - 200 manat (10 orunlyk)
                       N2 -180 manat (30 orunlyk)
                       N3 -160 manat (40 orunlyk)
                       N4 - 140 manat (120 orunlyk)
                       N5 - 120 manat (180 orunlyk)
 
Synag barada instruksiýa (PDF)
Synag tabşyryş zaýawkasy/synag kagyzy (PDF)

* Synag tabşyryş zaýawkanyň A-dan C çenli 3 nusgasyny we synag kagyzynyň 2 nusgasyny doldurmagyňyzy haýyş edýäris.
Synag 6 dekabrda (ýekşenbe) geçiriler. Synagyň wagty we geçiriljek ýeri barada soňrak Ilçihananyň internet sahypasynda ýerleşdiriler.
N1-dan N3 derejesine çenli tabşyrjaklary sagat 9:00-da, N4-den N5 derejesine çenli tabşyrjaklary sagat 14:00-da ýygnanmagyny haýyş edýäris.  Ýygnanyş wagtyny doly berjaý etmegiňizi haýyş edýäris.
Dünýäde COVID-19 epidemiologik ýagdaýynyň täsiri netijesinde, öňünden aşakdakylara ünsüňizi çekesimiz gelýär:
1.  Ýaponiýadan materiallardan başlap, dürli resmi kagyzlaryň iberilmegi üçin birnäçe wagt zerur bolup durýar. Şol sebäpden, materiallaryň sany çäklendirilip, synag tabşyrjaklaryň sany bar bolan materiallaryň sanyndan artsa, Ilçihana käbir dalaşgärlere synag tabşyrmak üçin rugsat bermän hem biler. 
2. Şeýle hem şu günki gün, tehniki sebäplere görä, bu synagyň geçirilmeginiň ýatyrylmagy hem mümkin bolup durýar.  
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň