Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňşi hakynda hasabaty kabul etdi

23:3908.11.2020
0
8842

Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi ― diýip, TDH habar berýär.

Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutany Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabatlary kabul etdi.

Welaýatlaryň häkimleri oba zähmetkeşleriniň adyndan milli Liderimizi daýhanlaryň gazanan uly zähmet üstünligi bilen gutladylar.

Baýramçylyk wideomaslahatyna gatnaşan her welaýatyň ýaş wekilleri milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy «ak altyn» ussatlarynyň gazanan uly zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň ajaýyp üstünliklerini wasp edýän joşgunly goşgularyny okadylar.

Welaýatlaryň häkimleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara sowgatlary gowşurdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň