Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze «Bagabat» şypahanasy açyldy

23:4106.11.2020
0
38078

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän häzirki zaman «Bagabat» şypahanasy açyldy.

Milli Lider tanyşlygy şypahananyň anyklaýyş-maslahat beriş bölüminden başlady we pulmonolog otagyna bardy. Bu ýerde işleýän lukman hormatly Prezidente saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm üns berýändigi üçin ähli lukmanlaryň adyndan hoşallyk bildirdi. Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda şypahana ulgamyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň tassyklanylmagy aýratyn ähmiýetlidir.

Lukman otagda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçilikleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Hususan-da, ýörite programma üpjünçiligi bolan we onlaýn tertibinde işleýän Italiýanyň Spirolab anyklaýyş enjamy barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu enjam adamyň daşky dem alyş ulgamyna düýpli barlaglary geçirmek üçin niýetlenendir. Näsagyň dem alşy, onuň möçberi we tizligi anyk wagtda grafik görnüşindäki ýokary hilli reňkli erkanda görünýär. Termoprinter her sekundyň hasabatlaryny çap etmäge mümkinçilik berýär. Alnan maglumatlary elektron göterijilere we kompýuterlere geçirmek bolýar.

Hünärmen milli Liderimiň sowallaryna jogap bermek bilen, nekadoskonyň kömegi arkaly bu ýerde adamyň dem alyş ulgamynyň ýagdaýyny barlamak üçin döş kapasasyna rentgen etmek bolýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany anyklaýşyň usullary we dem alyş ýollaryň allergiýa kesellerini bejermegiň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Munuň özi häzirki zaman lukmançylygynda möhüm meseleleriň biridir. Şunda, milli Lider netijeli çäreleri ulanmak bilen bir hatarda, keselleriň öňüni almak boýunça halkymyzyň tejribesiniň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Anyklaýyş-maslahat beriş bölümi pulmonologiýa otagyndan başga-da, Germaniýada öndürilen “Siemens med”enjamlary bilen üpjün edilen UZI otaglaryny, EKG, rentgen, stomatologiýa, newrolog hem-de kardiolog lukmanyň, gulak-burun-bokurdak we oftalmolog lukmanlarynyň, beýleki hünärmenleriň otaglaryny öz içine alýar.

Lukmançylyk otaglarynyň her biri iň döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Stomatolog lukmanyň otagy Germaniýanyň dünýä belli “Sirono” kompaniýasynyň 3D-panarama kameralary hem-de ýokary hünär derejesine laýyk gelýän gurallar we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün edilen “Intego” gurnamalar toplumy bilen enjamlaşdyryldy.

Newrolog lukmanyň otagynda nerw keseli bolan näsaglary barlamak, olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli zerur şertler döredildi. Newrologiýa lukmançylyk ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol nerw ulgamynyň näsazlygy bilen baglanyşykly birnäçe keselleri öz içine alýar.

Kardiolog lukmanyň otagy ýurduň ýürek-damar kesellerini bejermegiň täze usullaryny taýýarlan alymlaryň açyşlary we teklipleri nazara alnyp, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary we gurallary bilen üpjün edildi.

EKG otagy dünýä belli kompaniýalaryň iň häzirki zaman enjamlary, şol sanda Italiýanyň “Сordioline” kompaniýasynyň 12 kanally EKG enjamy we ýürek kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak üçin niýetlenen beýleki zerur döwrebap gurnamalar bilen üpjün edildi.

Rentgen otagynda Germaniýanyň dünýä belli “Villa Systemi Mediсali” kompaniýasynyň rentgen barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenen enjamy oturdyldy.

Otolaringologiýa otagynda Germaniýanyň “Otopront” gulak, bokurdak we burun kesellerini anyklaýyş hem-de bejeriş enjamy oturdyldy. Bu anyklaýyş we bejeriş babatda iň täze enjamdyr. Şeýle hem otag zerur bolan dürli gurallar, otolaringolog- lukmanyň işinde köp ulanylýan serişdeler bilen üpjün edildi.

Endoskopiýa otagynda näsaglara anyklaýyş hyzmatlarynyň giň görnüşleri hödürlenilýär. Bu ýerde Germaniýanyň “Kari Storz” kompaniýasynyň demgysma we aşgazan kesellerini bejermäge niýetlenen enjamlary oturdyldy. Şeýle hem bu enjam ýokary derejeli şekilli DVD ýazgysyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Näsaglara aşgazan, demgysma, ganazlyk kesellerini ýüze çykarýan häzirki zaman anyklaýyş hyzmatlary hödürlenilýär.

Şypahananyň barlaghana otaglarynda ýokary anyklygy talap edýän zerur barlaglary gyssagly geçirmäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar, hususan-da, Germaniýanyň dünýä belli “Human”, “Praхis partner”, “Termo fisher”, “Siemens DХ” we Fransiýanyň “Horiba ABH” kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlar toplumlary oturdyldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mineral suwlary we daýanç-hereket ediş ulgamynda näsazlygy bolan adamlar üçin niýetlenen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen gidroterapiýa bölümine bardy.

Gidrokinezoterapiýa dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny dikeltmek üçin bejeriş gimnastika usullarynyň biri bolup durýar. Bu usul näsaglaryň saglyk ýagdaýyna, beden ulgamynyň işine ýumşaklyk bilen oňyn hem-de netijeli täsir edýär. Modul howzunda gidroterapiýa bilen meşgullanmak agyr näsaglaryň aýak üstüne galmagyna ýardam berýär. Bu ýerde geçirilýän ýokary netijeli türgenleşikler bogunlara we ýürege düşýän agramy peseldýär, şeýlelikde, näsag bedenine agram bermezden güýç toplap bilýär.

Bejeriş çäreleri dürli topara degişli näsaglaryň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk getirilen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen howuzlarda geçirilýär. Bu ýerde akwatrenažerler, suwasty ylgaw ýodalary, suwasty agyrlyk daşlary gurnalypdyr. Şolaryň hemmesi Germaniýanyň “Beko” kompaniýasynyň önümleridir.

Şeýle hem näsaglaryň hereket etmegi üçin ýöriteleşdirilen enjamlar, galdyryjylar mümkinçiligi çäkli maýyp we ýaşuly adamlaryň bu usullar bilen netijeli meşgullanyp bilmegine oňyn şertleri üpjün edýär.

SPA bölüminde gury akwaowkalama, krioterapiýa otaglary, infragyzyl şöhleli, gury, bugly saunalar, türk hammamy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde galoterapiýa, aromaterapiýa, bejeriş owkalama, stounoterapiýa üçin niýetlenen otaglar ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär.

Şeýle hem milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowa innowasion tehnologiýa bolan SPA — kapsulasy görkezildi. Ol tutuş dünýäde şypahana-bejeriş görnüşli düzümlerde we spa-salonlarda uly meşhurlyga eýedir. Bölümde oturdylan Germaniýanyň “Beko” kompaniýasynyň köpugurly “Harmony Medig” toplumy adam bedenine toplumlaýyn täsiri bolan bejeriş çäreleriniň giň ugurlaryny hödürleýär.

Hünärmeniň belleýşi ýaly, şunuň ýaly bejeriş çäreleri dartgynlylygy, ýadawlygy aýyrmak, özüňi duýşuňy gowulandyrmak, keýpiçaglylygy ýokarlandyrmak hem-de semizlige garşy göreşmek ulgamynda aýratyn netijeli bolup durýar. SPA—kapsulasy özünde adam bedenine täsiri bolan iki ugry jemleýär: şolaryň biri infragyzyl bugly ýylylykdyr, beýlekisi bolsa ähl tarapdan suw çüwdürýän duş toplumydyr.

Munuň özi bedeniň we öýjükleriň gan aýlanyşyny gowulandyrýar. Bedendäki madda çalşygyny gowulandyrýar. Şeýle hem bu bejerişde aromoterapiýa, sazterapiýasy we aýronoterapiýa ýaly usullar utgaşdyrylyp bilner.

Döwlet Baştutanyna suwasty owkalama üçin niýetlenen Germaniýada öndürilen “Beko” gurnamasynyň işi barada maglumat berildi. Germaniýanyň bu enjamy arassa howanyň möçberini kadalaşdyrmaga, näsagyň islegine görä, ýakymly ysly ýaglaryň görnüşlerini, yşyklandyryşyň derejesini we reňkini saýlamaga kömek edýär.

Bu bejeriş çäresi bogunlary berkitmek, onuň hereketini we çeýeligini artdyrmak, bedenden zyýanly serişdeleri çykarmak, bogunlara düşýän agramy hem-de agyryny peseltmek, horlanmak, ýadawlygy aýyrmak we adamyň özüni duýşuny gowulandyrmak üçin ulanylýar.

Soňra hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sowuk howa akymy bilen bejeriş üçin niýetlenen gurnamany synlady.

Hünärmen ýörite enjamyň mümkinçilikleri barada gürrüň berip, Germaniýanyň öňdebaryjy “Meсoteс” kompaniýasynyň iki ugurly kriootaglary we onuň aýratynlygy barada habar berdi. Bu gurnama nerw damar ulgamlarynyň duýujylygyny peseltmek arkaly agyryny aýyrmak mümkinçiligine hem-de serişde çalşygyny güýçlendirmegiň hasabyna sowuklama garşy ukyplylygy artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle usul daýanç-hereket agzalarynyň keselini, nerw keselleri hem-de şikesleri bejermekde, operasiýadan soňky ýagdaýy dikeltmekde, agyryny aýyrmakda giňden ulanylýar.

Soňra döwlet Baştutany duzly howasy bolan otagda galoterapiýa bejerişi üçin niýetlenen enjamlar bilen tanyşdy. Bu ýerde Köýtendag gowaklaryndaky ýerli tebigatyň duzly gowaklarynyň emeli mikrohowasy döredildi.

Hlorid natrisiniň howadaky durnukly sazlaşygyny üpjün edýän ýörite gural galootagyny gury duz aerozoly bilen doldurýar. Bu dem alyş ýollarynyň gorag işini kämilleşdirýär, demgysmany bejermekde netijeli hasaplanylýar. Şeýle-de, sowuklama we beýleki kesellere garşy ulanylýar hem-de kesellere garşy durmakda adam bedeniniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Bu bejeriş çäresi dem alyş ýollarynyň, damarlaryň, merkezi nerw we beýleki keselleriň bejergisinde köp ulanylýar.

Şeýle hem merkeziň fizioterapiýa bölüminde iňňerefilks, ozonoterapiýa, pressoterapiýa we lazer bilen bejeriş usullaryny ulanmak üçin ähli zerur şertler bar. Mundan başga-da, şypahananyň Köpetdagyň eteginde tenekar howaly we köpsanly dermanlyk ösümlikleriň bitýän künjeginde ýerleşýändigini nazara alyp, aeroterapiýa, gelioterapiýa we fitoterapiýa ýaly täze bejeriş usullaryny peýdalanmak üçin zerur şertler döredildi.

Balnoterapiýa bölüminde we palçyk bilen bejeriş üçin niýetlenen hem-de mineral suwly wannalarda zerur hyzmatlar hödürlenilýär.

Bölüm Germaniýanyň dünýä belli “Unbesсheiden” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen wannalary hem-de “Beko” kompaniýasynyň el we aýak üçin niýetlenen dört kameraly galwanik wannalary bilen enjamlaşdyryldy. Bejeriş ähmiýetli mineral suwly howuzlar ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda, çişleri aýyrmakda we ganyň goýalmagynyň öňüni almakda, adamyň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrmakda peýdalanylýar. Şeýle wannany kabul edýän adamlar özüni gowy duýup başlaýarlar, kelleagyry, ukusyzlyk, ýürek agyrysy aýrylýar. Şöhle diod modullary lukmançylyk hyzmatyny şöhle bilen bejeriş arkaly utgaşdyrmak mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýle bejeriş çäresi pissiho duýgy ýagdaýyna şöhle usullary arkaly edilýän oňyn täsire esaslanýar.

Germaniýanyň “Herrmann” kompaniýasynyň gidrokolonoterapiýa üçin niýetlenen enjamynyň kömegi bilen içegedäki näsazlygy, bilagyryny, ötüşen suwuklama we deri kesellerini bejerip bolýar hem-de semizligi peseldýär we adam bedeniniň gowşaklygyny aýryp, onuň işjeňligini artdyrýar.

Şeýle hem Germaniýanyň “Unbesсheiden” kompaniýasynyň suwda oňurgany çekmek üçin niýetlenen enjamy oňurgada näsazlyk ýa-da sowuklama ýüze çykanda, şikesden soňky ýagdaýlary kadalaşdyrmakda, ostehandroz keseliniň dürli derejelerindäki agyryny aýyrmakda, sowuklama garşy durmakda, damarlary giňeltmekde lukmanyň görkezmesi boýunça peýdalanylýar. Bu keseller ötüşip geçip, ysmaz ýaly kesellere ýolugýan mahalynda, şeýle hem uly ýaşly näsaglary bejermekde aýratyn netijeli hasaplanylýar.

Germaniýanyň “Beko” kompaniýasynyň duş toplumy şarko, aýlanýan duş bilen bejermek çärelerini geçirmäge mümkinçilik berýär hem-de adamyň gan aýlanyşyny, limfatik ulgamynyň işini kadalaşdyrýar we öýjükleriň hereketini gowulandyrýar.

Palçyk bilen bejeriş otaglarynda Germaniýanyň “Hupfer” hem-de “Beko” kompaniýalarynyň bejeriş palçygyny we parafini taýýarlamak hem-de gyzdyrmak üçin ulanylýar. Mundan başga-da, bölümde Germaniýanyň “Unbesсheiden” kompaniýasynyň mineral palçyklaryň oňyn täsirini has güýçlendirýän, derini peýdaly mikroelementler bilen baýlaşdyrýan we ondan zyýanly serişdeleri çykarýan, şol bir wagtyň özünde gan aýlanyşyny, serişde çalşygyny gowulandyrýan enjamlary ornaşdyryldy. Bu bölümde deridäki şekisleri, çişleri aýyrmak üçin arybalyny ulanmak arkaly bejeriş çäreleri-de geçirilýär.

Şypahana bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow näsaglar üçin niýetlenen dynç alyş otaglaryna baryp gördi.

Şypahana üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si we lýuks otaglaryň 5-si ýerleşýär.

Bu ýerde deotolog-lukmanyň görkezmesi esasynda berhizli tagamlary taýýarlaýan restoran, kitaphana, internet-zal, maslahatlar zaly we fitobar hereket edýär. Onda müşderilere dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanýan bejerijilik häsiýetli çaýlar, miwe önümleri, şerbetli suwlar hödürlenilýär.

Ak mermerli binalar toplumynyň ýanaşyk ýerlerinde gezelenç etmäge niýetlenen ýodalar çekilipdir, oturgyçlar goýlupdyr. Toplumyň çäginde futbol, basketbol, tennis, bilýard bilen meşgullanmak üçin sport toplumy, çagalar sport meýdançasy we çaýhana bar.

Döwlet Baştutany dabaranyň ahyrynda Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Milli Lider şypahananyň baş binasyndan çykyp, sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

***

Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar ýurduň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini alamatlandyran taryhy waka öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň