Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Ilçihanasy türkmen we amerikan guramalarynyň arasyndaky taryhy golýazmalary gorap saklamaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy goldaýar

23:4405.11.2020
0
12501

5-nji noýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Waleri Çittenden Türkmenistanda taryhy golýazmalary goramak üçin ABŞ-nyň hökümetiniň medeni mirasy gorap saklamak taslamasyna goldawy barada habar berdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan sanly wideo aragatnaşyk arkaly gurnalan dabarada, işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» («AFCP») maksatnamasynyň 28-nji taslamasyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna we «Merrion and Smith» amerikan gurmasyna gowşurdy. Dabara Institutyň müdiri jenap Dawut Orazsähedow we «Merrion and Smith» gurmasynyň programmirleme müdiri Bredford Smith gatnaşdylar. Amerikan we türkmen guramalary XVII, XVIII we XIX asyrlaryň möhüm golýazmalaryny gorap saklamak üçin Türkmenistandaky hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek baradaky bilelikdäki teklibiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etdiler.

«Bu, Türkmenistanda türkmen we amerikan guramalary tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan ilkinji AFCP taslamasydyr» diýip, hanym Çittenden belledi we «Möhüm kitaplary gorap saklamaga gönükdirilen taslamanyň ABŞ bilen Türkmenistanyň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygynda täze bölüm açmagy ýerliklidir» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. «Merrion and Smith», medeni mirasy gorap saklamak we muzeý dolandyryşyk ugurlary boýunça iş alyp barýan hususy amerikan guramasydyr. Gurama, türkmen hünärmenlerini golýazmany gorap saklamak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin Institut bilen hyzmatdaşlyk eder. Taslama, Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda ýaşan meşhur alymlar, şahyrlar we ýazyjylar tarapyndan arap, pars we türk dillerinde ýazylan 80 golýazmany gorap saklamaga goldaw berer. Bu kitaplaryň we golýazmalaryň köpüsi gaty seýrek bolup, olaryň dünýäde diňe birnäçe asyl nusgasy bardyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlary diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem Merkezi Aziýanyň we umuman adamzadyň mirasynyň möhüm bölegi bolan bu medeni gymmatlyklary gorap saklamak üçin türkmen hünärmenleri bilen işleşýändigine buýsanýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu möhüm iş üçin 43 470 dollar goşant goşýar.

Bu taslamasynyň çaginde «Merrion and Smith» Institut bilen bilelikde aşakdaky gorap saklamak işlerini tamamlarlar: sahypalardan kislotalary aýyrmak, kitaplaryň ýitirilen böleklerini dikeltmek, golýazmalaryň sahaplaryny berkitmek we kitaplaryň sahypalaryny belgilemek. Mundan başga-da, Institut eserleriň onlaýn katalogyny döretmek üçin kompýuter ulgamyny ösdürmegi meýilleşdirýär.

Bu taslama, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň türkmen hünärmenleri bilen ähli adamzada peýdaly medeni mirasy gorap saklamak boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. «Merrion and Smith» bilen köne tekstleri gorap saklamak üçin tehnologiki tejribe döretmek üçin bu hyzmatdaşlyk, Institut bilen amerikan hünärmenleriniň arasynda dowam edýän alyş-çalyşyň bir bölegidir. 2020-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda Institutyň iki hünärmeni Ýel uniwersiteti, Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten sungat muzeýi we Waşington şäherindäki Kongres kitaphanasy ýaly ABŞ-nyň abraýly edaralaryna baryp gördüler. Saparyň dowamynda olar amerikan kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdular we türkmenleriň taryhy bilen baglanyşykly türk, pars we arap tekstleriniň nusgalaryny ýygnadylar. Mundan başga-da, «Merrion and Smith» ABŞ-nyň golýazmalary gorap saklamak boýunça hünärmenleriniň ýakyn wagtda Türkmenistana etjek saparyny utgaşdyrar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2006-njy ýylda Instituta gowşurylan «AFCP» granty arkaly möhüm taryhy golýazmalary gorap saklamakda Türkmenistanyň işine goldaw berdi.

ABŞ bilen Türkmenistanyň hünärmenleriniň arasyndaky barha ösýän we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada hanym Çittenden: «Türkmenistanyň geçmişini gorap saklamak üçin bilelikde işlemek bilen, Türkmenistanyň geljegi üçin hyzmatdaşlygy gurýarys», diýip belledi.

«AFCP» ABŞ-nyň Aşgabatdaky  Ilçihanasynyň öňdebaryjy maksatnamasydyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2001-nji ýyldan bäri «AFCP»  arkaly Türkmenistanda 28 medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslama goldaw berdi. Bu taslama «AFCP» maksatnamasynyň, Mary welaýatyndaky Gyz Gala, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýy we Şährislamdaky sardobalar ýaly fiziki obýektleri gorap saklamakdan başga-da, Türkmenistanyň medeniýetiniň köp tarapyny gorap saklamagy goldaýandygyny görkezýär. «AFCP» taslamalary gadymy türkmen haly torbalaryny hem-de Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň arhiwindäki irki halk aýdym-sazlarynyň ýazgylaryny gorap saklamak boýunça taslamalary öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň