Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Wiktor Çernomyrdiniň ýatlama agşamy geçirildi

11:5604.11.2020
0
7626

Aşgabatda russiýaly döwlet işgäri, syýasatçysy, senagatçy we diplomat W.S.Çernomyrdiniň ýatlama agşamy geçirildi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasy habar berýär.

Wladimir Mkrtumow, Mariýa Ýunsal, Ýekaterina Darçiýa ýaly görnükli sungat wekilleri dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Çäräniň dowamynda Wiktor Çernomyrdiniň ömri we döredijiligi barada gürrüň berildi, suratlar we wideo materiallary görkezildi. SSSR-iň Gaz senagaty ministrligine ýolbaşçylyk edip, birnäçe gezek Türkmenistana gelen we tebigy gaz gorlary boýunça Russiýadan soň ikinji orunda durýan Respublikanyň nebit-gaz toplumynyň ösmegine möhüm goşant goşan şahsyýet bu gün ýene uly hormat bilen ýatlanyldy. Soňra ol Russiýanyň premýer-ministri bolup işlän döwründe hem Türkmenistan ― Russiýa gatnaşyklarynyň pajarlap ösmegine uly goşant goşdy diýlip dabarada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň