Şu gün satuwa çykan “Redmi K30S Ultra” smartfonyndan 1 minudyň içinde 100 müň sanysy satyldy

12:3602.11.2020
0
1302

Şu gün irden Hytaý bazarynda “Xiaomi” şereketiniň “Redmi” markasynyň “K30S Ultra” atly täze telefony satuwa çykaryldy.

Telefon satuwa çykan badyna “Xiaomi” şereketiniň wise-prezidenti we Smartfon bölüminiň başlygy Zeng Suezhong enjamyň ähli söwda platformalarynda bir minudyň içinde 100,000-den gowragynyň satylandygyny habar berdi.

Bu smartfon “Xiaomi” şereketiniň onlaýn dükanlaryndan daşary “JD.com”, “Tmall” we “Suning”  atly söwda platformalarynda  satyldy.

1-nji noýabrda başlanan “Double Eleven” çäreleriniň çäginde “Redmi K30S Ultra” telefony 2599 ýuanyň  ýerine 2299 ýuana  arzan bahadan satylýar. Şonuň üçin “K30S Ultra” häzirki wagtda “Snapdragon 865”-li  iň arzan flagman diýen ada eýedir.

Geçen awgustda hödürlenen “Redmi K30 Ultra” bilen deňeşdirilende, “K30S Ultra” 144 Hz LCD displeý bilen üpjün edilýär.

6.67 dýuým ekranda FHD + çözgüdi bilen hödürlenýän bu smartfon, LPDDR5 RAM göterijisine we enjam böleginde UFS 3.1 maglumat saklaýyş goldawyna eýedir.

Smartfonyň kamera tarapyna göz aýlanyňda , öň tarapynda 20 MP-lik,  arka tarapynda 64 MP-lik esasy kamera, + 13 MP-lik  ultra giň burç,  + 5 MP-lik makro, ýagny üç kameraly gurnama bar.  MIUI 12 bilen gutudan çykýan enjamda 5000 mAh batareýa hem bar.

Redmi K30S Ultra tehniki aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Ekrany: 6.67 dýuým LCD (395 ppi, TÜV Rheinland, 144 Hz täzeleniş tizligi)

Prosessor: Qualcomm Snapdragon 865

RAM göterijisi: 8 GB LPDDR 5

Maglumat Saklaýjy ýady: 128 GB / 256 GB UFS 3.1

Öň kamera: 20 MP

Yzky kamera: 64 MP + 13 MP + 2 MP 

Batareýa: 33 Wt çalt zarýad beriş goldawy bilen 5000 mAh

Reňkler: Gara, Kümüş

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň