Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: "Türkmenistan koreýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýar"

23:4630.10.2020
0
4818

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalarynyň we strategiýalarynyň döredilmegi babatynda öz garaýyşlaryny beýan etdi hem-de «Biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi diýip atlandyrýarys we şunuň bilen birlikde hem bu ýoluň ugrunda ýaşaýan halklaryň we onda ýerleşen döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň özboluşly häsiýetiniň taryhy dowamatyny aýratyn belleýäris» diýip nygtady. Bu formatyň Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça geoykdysady hereketlere ýardam etjekdigi bellenilip geçildi.
Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit hem-de halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligi barada gürrüň edip, koreý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesini mysal getirdi.
Bu Forumda ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň hatarynda koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan özgertmeler we demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi hem bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň