Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Mangistau oblastynyň telekeçileri tejribe alyşdylar

23:5828.10.2020
0
3913

Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Telekeçiler palatasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk boldy. Çärä döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ilçiler gatnaşdylar.

Gazagystanyň işewürlik düzümine «Atameken» sebitleýin edarasynyň hem-de deňiz gämiçiligi, elektroenergiýa we telekommunikasiýalary üpjün etmek üçin paýlaýjy desgalaryň gurluşygyna ýöriteleşdirilen kompaniýalar wekilçilik etdiler. Olar nebit senagatyna we buraw geologiýa-gözleg işlerine degişli enjamlaryň, ammiak selitrasynyň, ammiagyň, azot kislotasynyň, tebigy gazyň we beýlekileriň önümçiliginde paýdarlar jemgyýetlerine hem-de kompaniýalara wekilçilik etdiler.

Olaryň hatarynda «EFKO Kazakhstan LLP» kompaniýasy, «Kaskor-Maşzawod», «KazAzot» paýdarlar jemgyýetleri, «Munaýtelekom», «Kazmortransflot» milli deňiz gämiçilik kompaniýasy, «Tauşyk» auyl şaruaşylygy», «Zhamal-ai LTD» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetler bar.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, muňa köp babatda ähli derejede işjeňleşdirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýardam berýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklaryň häzirki zaman tapgyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň aprel aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Balkan welaýatynyň we Mangistau oblastynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň oňyn netijeleri barada aýdyldy.

Şu çäräniň dowamynda senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak ulgamynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty we «Aýdyň gijeler» kompaniýasy öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Diýarymyzyň haryt öndürijilerini we daşary ýurtly maýadarlary döwlet derejesinde höweslendiriş çärelerine aýratyn üns berildi.

Öz nobatynda, gazagystanly işewürler kompaniýalary bilen tanyşdyryp, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk teklipler aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň, iberilýän harytlaryň hem-de birek-birege hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň