Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

23:4028.10.2020
0
7620

Aşgabatda täze «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem işewür Gurbanguly Berdimuhamedowa öz kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gurulýan desgalarda işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de olaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Işewür «Rönesans Holding» üçin Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň uly hormatdygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ýerde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna geljekde hem üýtgewsiz eýerjekdigine ynandyrdy.
Milli Liderimiz kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň