Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

23:3728.10.2020
0
16311

Aşgabadyň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen täze «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

«Diwan» adyna eýe bolan täze myhmanhana dünýä belli «Rönesans» kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Bu ýerde belent derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Myhmanhanada ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar göz öňünde tutuldy.
Myhmanhananyň täze binasynda 131 otag ýerleşdirilip, olar standart, lýuks, ýarym lýuks we VIP otaglardan ybaratdyr. Şeýle hem restoran we banket zaly bar.
Şeýle hem myhmanhanada saglyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde myhmanlara hyzmat etmek, zerur bolan ýagdaýynda ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertler döredildi. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda fitnes zaly, gözellik salony we spa-otagy guruldy. Şeýle hem binada, degişlilikde, 20 we 40 orunlyk bolan maslahatlar zallarynyň ikisi bar, internet zaly, beýleki degişli otaglar göz öňünde tutuldy.
Işjeň dynç almagy we sport bilen meşgullanmagy halaýan myhmanlar üçin toplumyň çäginde tennis korty, köpugurly sport meýdançasy, futbol stadiony, ýüzülýän açyk we ýapyk howuzlar bar. Sowgatlyk harytlary dükanlarynda bolsa dürli harytlary hem-de amaly-haşam sungatynyň önümlerini satyn almak bolýar. Şeýle hem toplumda ýapyk we açyk awtoduralgalar göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň