Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly suwda ýüzüji Russiýanyň çempionatyna gatnaşar

00:3122.10.2020
0
6110

25 ― 30-njy oktýabr aralygynda Kazan şäheriniň Suw sporty köşgünde Russiýanyň çempionaty geçiriler. Bu barada Suwda ýüzmek boýunça Bütinrussiýa federasiýasy habar berýär.

Çempionata Suwda ýüzmek boýunça halkara federasiýasynyň Russiýada türgenleşýän wekilleri hem gatnaşar. Olaryň arasynda türkmenistanly, latwiýaly, gyrgyzystanly, belarusly we makedoniýaly türgenler hem bar.

Biz Russiýanyň çempionatynda ildeşimiz Musa Jalaýewiň hem çykyştyna tomaşa edip bileris. Mälim bolşy ýaly, ol häzir ýörite maksatnama esasynda Kazan şäherinde türgenleşýär.

Russiýanyň çempionaty, şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň hem bir saýlama tapgyry bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň