Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary, aýry-aýry döwletler bilen COVID-19-a garşy göreşmekde we pandemiýanyň netijesinde ýetirilen durmuş-ykdysady, ynsanperwer häsiýetli zyýanyň azaldylmagy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.
Nygtalyşy ýaly, häzirki çökgünlik sebitiň ösüşine zyýanly täsirini ýetirdi we döwletleriň hökümetleri ilatyň goragsyz gatlaklaryny hem-de pudaklary goramak üçin anyk ykdysady çäreleri gördüler. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlar boýunça çykdajylarynyň mümkinçiliklerini saklamagyň wajypdygyna üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýeti dikeltmäge goldaw bermekde maliýeleşdirmegiň hususy çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.