Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda üçem perzent dünýä indi

19:1916.10.2020
0
31886

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ýaş maşgalalarynyň birinde birbada üç çaga — üçem ogullar dünýä indi. Olaryň ata-enesi Durmuş we Ejegyz Çaryýewa üçemlere Muhammet, Hezret we Aly diýen atlary dakdylar, diýip «Maru-Şahu-Jahan» gazeti habar berýär.

Maşgalada ondan öň hem iki ogul — Daýanç hem Kerim ulalyp gelýär.

Bu şatlykly waka bilen köp çagaly maşgalany Türkmenistanyň Prezidenti gutlady hem-de sowgatlar iberdi.

«Bu üç esse artyk bagt hem jogapkärçilik. Islendik zenanyň ömründe ene bolmakdan ötri bagt ýokdur. Türkmen maşgalalarynda köp çagalylyk abadançylygyň nyşany hasaplanylýar. Körpelerimiziň sagdyn, akylly, ukyp-başarnykly bolup ýetişip, ýurdumyza mynasyp ýaşlar boljakdygyna ynanýarys» - diýip üçemleriň ejesi neşiriň habarçysy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň