Soňky habarlar

Arhiw

“Batly Gadam” kärhanasynyň önümleri Russiýa we Türkiýe döwletlerine eksport edilýär

14:1612.10.2020
0
15175

Jorap we ýüplük öndürmek bilen meşgullanýan “Batly Gadam”  kärhanasy eksport mukdaryny barha artdyrýar. 

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda berlen maglumata görä, “Batly Gadam” kärhanasy şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 187292851 kg pagta sapagy we 309 856 müň ýokary hilli jübüt jorap eksport etdi. Harytlaryň esasy ugry Russiýa Federasiýasyna we Türkiýe döwletlerine eksport edildi.

Bu kärhana ýurdumyzyň günbatar böleginde ýagny, Balkanabat şäherinde ýerleşýär. Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň enjamlaryny ulanyp, kompaniýa her ýyl dürli göwrümli 7000 tonna pagta ýüplük öndürýär. Zawodyň gurluşynda häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan - egirme, boýama, örme we ütükleme ýaly dört sany ussahana bar.

"Batly Gadam" hususy kärhanasynyň öndürýän önümleriniň ählisi Halkara standartlaşdyryş guramasynyň (ISO) talaplaryna laýyk gelýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň