Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň we Büzmeýin etrabynyň häkimlerine täze orunbasarlar bellenildi

23:2309.10.2020
0
13672

Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça täze orunbasary bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu wezipä ozal Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Merjen Geldiýewany belledi.

Paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bolsa Ogulaltyn Çerkezowa bellenildi.

Döwlet Baştutany degişli Kararlara ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi. Ozal habar berşimiz ýaly, milletiň Lideri şäheri we şäheriň Berkararlyk etrabynyň häkimleriniň ozalky orunbasarlaryny özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin wezipesinden boşadypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň