Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020, 16-njy tapgyr: «Şagadam» hasapda iki gezek yza düşen duşuşygynda «Nebitçini» ýeňdi

22:0007.10.2020
0
2275
TÝL — 2020, 16-njy tapgyr: «Şagadam» hasapda iki gezek yza düşen duşuşygynda «Nebitçini» ýeňdi

«Şagadam» bilen «Nebitçi» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda gyzykly duşuşyk geçirdiler. Derwezelere alty pökgi geçirilen duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşyk Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda geçirildi. 

Duşuşykda «Nebitçi» iki gezek öňe saýlandy. Hatda birinji ýarym ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. Ýöne «kenarlylar» ikinji ýarymda has netijeli oýun görkezip, garşydaşyň derwezesine ýene üç pökgi geçirmegi başardylar.

Bu duşuşykdan soňra 28 utuk toplan «Şagadam» sanawyň üçünji orundaky ýerini has berkitdi. «Nebitçi» bolsa 13 utuk bilen ýedinji orunda galdy.  

 “Nebitçi” – “Şagadam” 2:4

Gollar: 38, 45+2 Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”) – 40, 74 Yhlas Magtymow, 58 Musa Nurnazarow, 59 Baýramgeldi Nurlyýew (11 m.j.u.) (“Şagadam”)

Bellik: Duşuşygyň 25-nji minutynda “Nebitçiniň” oýunçysy Aşyrgeldi Ylýasow 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Duýduryşlar: 42 Aşyrgeldi Ylýasow, 69 Muhammet Annaýew, 87 Wekil Kadyrow (“Nebitçi”) – 25 Nikita Gorbunow, 36 Ýunus Orazmämmedow, 67 Ýewgeniý Tkaçenko (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň