TÝL — 2020, 15-nji tapgyr: «Altyn asyr» ýeňlip barýan duşuşygynda ýeňiş gazandy, «Ahal» «Nebitçä» gol ýagmyryny ýagdyrdy

21:0603.10.2020
0
5026

Aşgabadyň futbol meýdanlarynda Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

«Nusaý» stadionynda häzirki çempion «Altyn asyr» 0:1 hasaby bilen yza galmasyna garamazdan, duşuşygyň netijesini öz haýryna öwrüp, Marynyň «Merwini» 3:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiji toparyň pökgülerini 22-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Myrat Annaýew, 37-nji minutda Zafar Babajanow, 48-nji minutda Mihail Titow geçirdi. «Merwiň» ýeke-täk pökgüsiniň awtory bolsa Amangeldi Saparowdyr (15-nji minut).

Bu ýeňişden soňra Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 36 utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji ornundaky ýerini has berkitdiler. «Altyn asyryň» möwsümdäki ýeňişli tapgyry bolsa dokuz duşuşyga çykdy. 13 utukly «Merw» ýryşyň altynjy basgançagynda galdy.

Beýleki bir duşuşykda «Ahal» «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi. 3:o hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdaky ilkinji pökgini «Nebitçiniň» ýarym goragçysy Seýitmämmet Hojamämmedow öz derwezesine geçirdi. Şondan soň «Ahalyň» şu möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçysy Elman Tagaýew iki pökgi geçirdi. Olaryň biri 11 metrlik jerime urgusyndandyr.

Şeýlelikde, awgust aýynyň ortalarynda «Ahalyň» baş tälimçisi wezipesine girişen Seýit Seýidow täze topary bilen resmi duşuşyklardaky ilkinji ýeňşini gazandy. Bu ýeňişden soň gaznasyna ýene bir 3 utugy goşan «Ahalyň» jemi utugy 34-e çykdy. Topar ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda barýar.

Yzda galan 15 tapgyrdan soňra möwsümiň iň netijeli futbolçysy «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewdir. Ol şu möwsümde 16 gezek tapawutlandy. «Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Elman Tagaýew bolsa ondan 6 pökgini az geçirip, netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orunda barýar.

15-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Ahal” – “Nebitçi” – 3:0

Gollar: 23 Seýitmämmet Hojamämmedow (öz derwezesine), 30 (11 m.j.u.), 48 Elman Tagaýew.

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

“Altyn Asyr” – “Merw” – 3:1

Gollar: 22 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 37 Zafar Babajanow, 48 Mihail Titow – 15 Amangeldi Saparow.

Duýduryş: 21 Amangeldi Saparow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

 

Ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

15

11

3

1

42-12

36

2.

“AHAL” FK

15

11

1

3

33-11

34

3.

“ŞAGADAM” FK

15

7

4

4

22-15

25

4.

“KÖPETDAG” FK

15

6

5

4

16-12

23

5.

“AŞGABAT” FK

15

4

5

6

15-22

17

6.

“MERW” FK

15

4

1

10

13-24

13

7.

“NEBITÇI” FK

15

4

1

10

12-35

13

8.

“ENERGETIK” FK

15

2

2

11

12-34

8

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň