Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen hyzmatdaşlykda göni wideo aragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýty habar berýär.
Maslahata gatnaşan gümrük işgärleri TIR-EPD ulgamy arkaly gümrük işini sanlaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada doly we giňişleýin maglumatlary aldylar.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda milli derejede halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek meselesine Döwlet gümrük gullugynda uly üns berilýär. Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin maksatnamasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi. Bu maksatnama laýyklykda halkara guramalar, daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary bilen hyzmatdaşlygymyz soňky döwürde giňeýär we ösdürilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hakynda Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Bir penjire» ulgamyna geçmek boýunça meselelere uly üns berilýär. Bu taslamanyň üstünde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) hem-de Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Agzalan taslamanyň çäklerinde ýükleri deslapky ýagdaýda deklarirlemek ulgamynyň (TIR-EPD) mümkinçilikleri, ulgamy ýurdumyzyň gümrük edaralaryna ornaşdyrmagyň oňyn taraplary giňden öwrenilýär. Bu ugurda bolsa Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen hem ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar.