Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM Türkmenistana Hereketleriň Milli Meýilnamasyny ýerine ýetirmäge ýardam eder

21:0002.10.2020
0
4770
BMGÖM Türkmenistana Hereketleriň Milli Meýilnamasyny ýerine ýetirmäge ýardam eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleriň gönükdirilýändigi bellenildi.

Kanunçylyk binýadyna seljerme bermäge hem-de ony hukuk taýdan iş ýüzünde ulanmakda hereket edýän kadalar bilen sazlaşdyrmak, adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary we azatlyklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny amala aşyrmagy boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Adam hukuklary ulgamynda halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy baradaky meseleler yzygiderli seljerilýär. Umumylaşdyrylan maglumatlar degişli konwensiýalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň milli hasabatlary üçin teklipleri taýýarlamak işinde peýdalanylýar.

Şu babatda kabul edilen Iş meýilnamasy adam hukuklary boýunça BMG-niň milli döwürleýin hasabatlaryny taýýarlamak babatda halkara tejribesini öwrenmäge, hereketleriň täze Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmäge, şeýle hem döwlet işgärleriniň, talyplaryň we ilatyň arasynda adam hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň