Arhiw

“Bawariýa” Germaniýanyň Super Kubogyny hem eýeledi

14:5001.10.2020
0
1647
“Bawariýa” Germaniýanyň Super Kubogyny hem eýeledi

Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda-da ýeňiş gazanan “Bawariýa” soňky 7 günde 2-nji Super Kubogyny asmana göterdi. Mundan 1 hepde ozal UEFA Super Kubogyny eýelän “Bawariýa” Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda “Borussiýa Dortmundy” 3-2 hasabynda ýeňip, şu ýyldaky 5-nji kubogyny gazandy. “Bawariýa” topary 18-nji we 31-nji minutlarda Kolentin Tolisso we Tomas Mülleriň gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne dortmundlylar 39-njy minutda Ýulian Brandtyň, 55-nji minutda-da Erling Holandyň gollary bilen hasaby deňlemegi başardy. Oýnuň tamamlanmagyna 8 minut galanda-da, Joşua Kimmih tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, “Bawariýa” 8-nji gezek Germaniýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň