Şu gün – 25-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi açyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlyklyk etmeginde geçirilýän nobatdaky umumymilli forum wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär.
Wideoaragatnaşyk boýunça Halk Maslahatyna Lebap, Balkan, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan gatnaşýanlar ýerli Ruhyýet köşgünden, Ahal welaýatynyň gatnaşyjylary “Ak öý” binasyndan, Aşgabat şäherinden gatnaşýanlar bolsa paýtagtyň Mekan köşgünden gatnaşýarlar.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly meseler boýunça maslahatlaşylar.