Arhiw

Türkmenistan FAO-nyň 35-nji mejlisine gatnaşdy

15:3422.09.2020
0
8797

Italiýanyň paýtagty Rimde BMG-niň Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) 35-nji mejlisi öz işine başlady. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan duşuşyga türkmen tarapyndan birnäçe düzümleriň, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar — diýip, TDH ýazýar.

Üç günlük forumyň gün tertibine COVID-19 ýokanjynyň azyk we oba hojalyk howpsuzlygyna edýän täsiri bilen baglanyşykly birnäçe sebitleýin meseleleri girizildi.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtap, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şeýle hem emele gelen ýagdaýyň öňüni almak we COVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen ýagdaýlaryň ýaramaz täsirini peseltmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmalydygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň