Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky 75-nji awtobus gatnawynyň ugry üýtgedi

07:5922.09.2020
0
20673

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 75-nji «Awtomenzil — Gurtly» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini siziň dykgaty­ňyza ýetirýär.

— 75-nji «Awtomenzil — Gurtly» ugry boýunça awtobus «Awtomenzil» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly — Hoja Ahmet Ýasawy köçesi — Bitarap Türkmenistan — Gurbansoltan eje şaýollary — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje — Bitarap Türkmenistan şaýollary — Hoja Ahmet Ýasawy köçesi — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtomenzil» belleniş nokadyna gelýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 28-60-30, 28-60-80.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň