Soňky habarlar

Arhiw

Amyderýanyň sag kenarynda täze önümçilik infrastrukturasynyň gurluşygyna girişildi

17:5220.09.2020
0
12500

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogar böleginde gaz känlerini ulanmaga girizmegiň taslamasyny amala aşyrmagyň ikinji tapgyryna başlady. Onuň çäklerinde Amyderýanyň sag kenarynda üç sany käniň — «Günbatar Joramergeniň», «Gökmiýaryň» we «Daşrabadyň» önümçilik infrastrukturasynyň gurluşygyna başlandy.

«China Petroleum News»-niň habar bermegine görä, taslamany «CNPC International»-niň Türkmenistandaky şahamçasy hem-de «Sichuan Petroleum Construction» kompaniýasy amala aşyrýar. Şu ýylyň maý aýynda gol çekilen şertnama iýun aýynda güýje girdi. Häzirki wagtda «Günbatar Joramergen» käninde gaz toplaýjy bekediň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Gaz toplamak we ibermek üçin niýetlenilen uzynlygy 17 kilometre barabar bolan 250 millimetr diametrli (DN250) turba geçirijisini kebşirlemek işleri geçirildi. Tehnologiki hem-de inžener-tehniki binalar hem gurulýar.

Taslamalary işläp taýýarlamak we anyklamak, enjamlary we materiallary satyn almak, kömekçi guramalar bilen şertnamalary baglaşmak ýaly meseleler  aragatnaşygyň dürli görnüşlerini ulanmak bilen onlaýn ýagdaýda çözülýär. Täze binalarda işlemek üçin 40 sany ýerli kebşirleýjiler bilen 45 günlük tälim okuwlary geçirildi. Häzir gurluşyk meýdançalarynda 280 sany hytaýly we türkmenistanly hünärmenler zähmet çekýärler.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogarynda ozal açylan känleri ulanmaga girizmegiň taslamasynyň birinji tapgyry geçen ýylyň güýzünde tamamlanypdy. Taslamanyň çäklerinde «Hojagürlük», «Gündogar Hojagürlük» we «Joramergen» känlerinde ýerüsti binalar, şol sanda 12 sany buraw guýusy, tebigy gazy ozalyndan taýýarlaýan desga, gaz ýygnaýjy beket we beýlekiler guruldy. Olaryň önümçilik kuwwatynyň ýylda 1,7 milliard kub metr bolmagyna garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň