Soňky habarlar

Arhiw

«Begler ýolunyň» önümleri dünýä çykýar

16:5020.09.2020
0
9725

Döwrebap bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeň ösmegi uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa işiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär we eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini höweslendirýär.

Ýurduň iri plastik gap-gaçlaryny öndürijileriniň biri bolan «Begler ýoly» kompaniýasy döredilen gününden bäri bu ýörelgeleri goldaýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyga çalyşýar.

Kompaniýa şu ýyl Özbegistan Respublikasyna göwrümi 1 litr bolan plastik gaplary eksport etdi. Häzirki wagtda önümleri Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana, Gruziýa we Owganystana eksport etmek boýunça hem gepleşikler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň