Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Gazagystan ulag pudagynda täze taslamany durmuşa geçirer

16:1317.09.2020
0
34711

Türkmenistan we Gazagystan ulag-logistika pudagynda türkmen tarapyndan Gazagystanyň serhedine çenli gara ýoluň hem-de Garabogaz kölüniň üstünden köpriniň gurluşygyny göz öňünde tutýan täze taslamany durmuşa geçirmekçi, bu barada Trend habar agentligi Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Daşary işler ministrligi bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň söwdany, ýük we ýolagçy gatnawynyň mukdaryny ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi: "Bu taslama iki ýurduň arasyndaky dostlugyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüler" – diýip nygtady.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden başlap Gazagystan bilen serhedine çenli uzynlygy 225 kilometre, giňligi 22,5 metre barabar bolan iki taraplaýyn ýol, şeýle hem degişli infrastruktura desgalary, Garabogazgol aýlagynyň üstünden uzynlygy 354 metr, ýörelýän böleginiň ini 21 metr bolan köpri gurmak meýilleşdirilýär. Awtoulag ýolunda ulag duralgalary, ýangyç guýulýan beketler, hyzmat ediş stansiýalary, dükanlar, kafeler, awtoulag ýollaryny bejermek üçin binalar we ýol polisiýasy gurlar.

Döwrebaplaşdyrylan awtoulag ýoly Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň dowamy bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň