Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň çempionaty: «Abdyş-Ata» ikinji orna geçdi

15:2316.09.2020
0
4265

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Abdyş-Ata» öz meýdanynda «Ilbirsi» 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 15-nji minudynda ýer eýelerinden Orbeli Ambarsumýan tapawutlandy. Ikinji ýarymda bolsa Maksat Alygulow «Abdyş-Atany» hasapda has öňe çykardy.

Ýeňiji toparyň türkmenistanly futbolçylary Rahat Japarow bilen Ata Geldiýew esasy düzümde meýdana çykdylar.

Aleksandr Beldinowyň şägirtleri bu ýeňişden soňra 21 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji ornuna çykdylar. «Abdyş-Ata» indiki tapgyrda ýaryşyň öňdebaryjysy «Dordoý» bilen duşuşar. Bu duşuşyk 21-nji sentýabrda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň