Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ak bugdaý etrabynda gurulýan täze şypahanada işleriň barşy bilen tanyşdy

10:0314.09.2020
0
13152

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň töweregi boýunça welosipedli gezelenjiniň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň çäginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän şypahananyň ýanyna geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri bilen bir hatarda, şypahana gelýän gara ýoly çekmek batly depginde alnyp barylýar — diýip, TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri ozal bu ýerdäki gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşanynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe adamlaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin bu şypahana rahat baryp-gelmeklerini üpjün etjek 22 kilometrlik täze ýoluň ýokary hilli gurulmagyny tabşyrdy.

Bu ýerde gurluşyk toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa alnyp barylýan işler, şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşygy dowam edýän şypahanada işler bilen tanyşlygyň barşynda, bu ýerde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymynyň belleýşi ýaly, bu merkeziň maksady sebitiň, hususan-da, Aral deňziniň tebigy gurşawynyň aýratynlyklarynyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini azaltmagy öwrenmekden we öňüni almakdan ybarat bolar.

Döwlet Baştutany toplumyň gurluş aýratynlyklary, ulanylýan bezeg serişdeleri bilen gyzyklanyp, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmalydygyny belledi. Toplumyň binagärlik keşbi ýerli tebigy aýratynlyk bilen sazlaşmalydyr hem-de bu künjegiň özboluşly tebigaty binagärlik çözgüdinde göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem şypahana gelýän ýoluň gurluşygy ýokary halkara ölçeglerine doly kybap gelmelidir.

Bellenilişi ýaly, şypahana toplumy häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylar. Onda lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ýola goýlar.

Milletiň Lideri işleriň barşy bilen tanşyp, gurluşygyň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykçylar alyp barýan işlerine döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň