Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 11-nji senrýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine we ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Wise-premýer serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, şol sanda döwlet we hususy kärhanalarynyň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly kuwwatyny we pudaklaryň sazlaşykly ösüşini beýan edýän bölümleriň 70-den gowragynyň gurnaljakdygyny habar berdi.
Şeýle-de “Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilendigini we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu gün Türkmenistan sazlaşykly ösýän we ýokary tehnologiýalara, täzeçil usullara esaslanýan döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň we oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.