Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hindistanyň täze ilçisi işläp başlady

23:5710.09.2020
0
6307

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy — diýip, TDH ýazýar.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýola goýlan ýokary derejedäki we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-hindi gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýär.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Ilçi Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Energetika we ulag ýaly möhüm ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan bu ulgamlarda netijeli başlangyçlary, şol sanda ýük daşamak üçin ykdysady taýdan bähbitli ýollary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmaga degişli başlangyçlary öňe sürdi.

Şeýle hem saglygy goraýyş, medeni hyzmatdaşlyklarynyň hem geljegi barada pikir alyşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň