Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze getirilen «John Deere» pagta ýygyjy kombaýnlary bilen tanyşdy

23:4908.09.2020
0
13390

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip gowşan pagta ýygyjy tehnikalaryny synlady.

Gelip gowşan täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyry ertir badalga alýan pagta ýygymynda daýhanlar üçin uly goldaw hem-de şanly seneler — Garaşsyzlyk güni we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli pagtaçylara ajaýyp sowgat bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gelip gowşan täze pagta ýygýan maşynlary gözden geçirip, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýeri gelende aýtsak, “John Deere” kompaniýasy türkmen daýhanlarynyň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bütin dünýäde meşhur bolan amerikan tehnikasy indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň 8 müňe golaýy getirildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Germaniýanyň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyna 2020 — 2030-njy ýyllarda oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Resminama laýyklykda, ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyz tarapyndan satyn alnan “John Deere” we “Claas” görnüşli ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary telematik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar. Bu ulgam tehnikanyň işine, hususan-da, onuň ýerleşýän ýerine, ýangyç harçlaýşyna, iş wagtyndaky hereketine we başga-da birnäçe görkezijilere edara ediş binasyndan çykman, şeýle hem Internet ýa-da ykjam telefon aragatnaşyk bolan ýerinden gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, satyn alnan täze tehnikalaryň 600-si iki tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy. Geçen ýyl pagta ýygýan kombaýnlaryň 300-si getirilip, olar bellenen tertipde welaýatlara paýlanyldy. Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolsa, ýokarda agzalan maşynlaryň 300-si gelip gowuşdy.

Dört hatarly “John Deere 9970” kombaýnynyň häzirki zaman kysmy 250 at güýjüne barabar bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ulanyşda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň öndürijiligi gije-gündiziň, 10 sagadyň dowamynda ortaça 12 gektara, bunkeriň göwrümi 4 tonna barabardyr. Ozal, 2017-2018-nji ýyllarda ýurdumyza şeýle ýygym tehnikalarynyň 400-si gelip gowuşdy.

“John Deere” kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň häzirki zaman görnüşlerini bankdan karz serişdelerini almagyň hasabyna ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri hem satyn alýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda degişli Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň köpasyrlyk asylly däbine eýerip, täze pagta ýygýan maşynlaryň birine alaja dakdy. Milletiň Lideri täze tehnikanyň işleýşi, onuň häsiýetli aýratynlyklary we kombaýnlarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şeýlelikde Türkmenistanyň Prezidenti täze gelip gowşan pagta ýygyjy kombaýnlaryň işine ak pata berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň