Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabaralary geçirildi

23:5305.09.2020
0
22633

Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi — diýip, TDH habar berýär.

Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyrlar.

Tanyşdyryş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, döwlet Baştutanynyň täze eseri onda esasy orun aldy. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolan beýleki kitaplary, ylmy işleri, köp jiltli düýpli eserleri we Türkmenistan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlary barada gürrüň berýän beýleki neşirler görkezildi.

Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetniň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň çeper nusgalary sergi diwarlyklarynyň üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň belli aýdymçy-sazandalaryň ruhubelent çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda, bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, onuň örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çykyşlarda täze kitabyň aýratyn möhüm ähmiýeti bellenildi. Türkmenleriň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler kitabyň üstünden eriş-argaç bolup geçýär.

Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik,dost-doganlyk gatnaşyklaryň, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden şahyrlar, sungat işgärleri, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň ata-babalarynyň galdyran mirasyny gözüniň göreji ýaly goraýan türkmenleriň dowamatlylygynyň saklanyp galmagyna hem-de ruhy gymmatlyklarynyň geljekde hem giňden wagyz edilmegine ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler.

Ýokary çaphana derejesinde neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Halk pähimlerini özünde jemleýän hem-de çeper beýan edýän täze kitabyň jemgyýetçilige ýetirilmegi ýaşlar üçin uly aň-bilim hem-de terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolar.

Tanyşdyrylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň