Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-italýan işewürler geňeşi dörediler

09:0804.09.2020
0
6668

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmegi, şeýle hem her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň ykdysadyýetiniň gününi geçirmegi we Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi.

Aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda bu ulgamda “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiligine garalýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin emeli hemra arkaly anyk maglumatlary almaga gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň isleglerini öwrenmegi üçin Pudagara topar döredildi. Döwlet düzümleriniň teklipleri öwrenilenden soň, bu kompaniýa bilen gepleşiklerde geljekki ädimler barada habar berler.

Şunuň bilen bir hatarda, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde beýleki bir meşhur italýan kompaniýasy — “Leonardo” kompaniýasy bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň