Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly ADTU-a baryp gördi

12:3603.09.2020
0
6476

Türkmenistanyň Astrahandaky konsullyk edarasy şu günki metbugat beýanynda konsul Güýç Garaýewiň Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde tanyşlyk saparynda bolandygyny habar berdi.

Saparyň dowamynda konsul ADTU-nyň rektory A.Newalenny bilen duşuşdy. Taraplar dürli ugurlar boýunça türkmenistanly hünärmenleri taýýarlamagyň geljegini barada pikir alyşdylar.

Rektor hormatly myhmany Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, sebitdäki epidemiologiki ýagdaý durnuklaşansoň, bu möhüm senä bagyşlanan çäreleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Bu ýerde türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan konsertler, «tegelek stollar» we mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler.

Konsulyň uniwersitet bilen tanyşlygy ADTU-nyň çäginde gysga gezelenç bilen dowam etdi. Şeýle hem ol bu ýerde okaýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy. Häzirki wagtda ADTU-da 400-den gowrak türkmen talyby bilim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň