Soňky habarlar

Arhiw

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi

21:0531.08.2020
0
18175

Edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi — diýip, TDH habar berýär.

«Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen foruma wekilleriň 200-e golaýy - ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan Ukrainadan, Fransiýadan we beýleki daşary ýurtlardan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak we onuň binýadynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, bu assosiasiýanyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy hem-de tassyklanyldy, onuň daşary ýurtly agzalary Ýerine ýetiriji komitetiniň, gözegçilik-derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalary saýlanyldy. Bulardan başga-da, assosiasiýanyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi we onuň başlyklary saýlanyldy, beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejesinde giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Onda çap ediljek makalalarda alabaýlary köpeltmegiň taryhy we däpleri, milli hem-de dünýä tejribesi hakynda gürrüň berler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň weterinar lukmançylygy kafedrasynda täze hünär – kinologiýa hünäri açyldy. Şu ýyl bu ugur boýunça ilkinji talyplar saýlap alan hünärleri boýunça bilimleri özleşdirer.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda türkmen alabaýlaryny köpeltmek we olaryň tohumyny gowulandyrmak merkeziniň binalarynyň täze toplumy ulanylmaga berildi.

Geljekde ýurdumyzda türkmen alabaý itlerine bagyşlanan maslahatlary, sergileri, alabaý itleriniň gözellik bäsleşiklerini we beýleki halkara çärelerini yzygiderli geçirmek hem-de ylmy işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.

Edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek hakynda başlangyçlary goldamak barada daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem çykyş etdiler. Çykyş edenleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň «Кинологический клуб «Хазар» Astrahanyň sebit jemgyýetçilik guramasynyň prezidenti Stanislaw Iwanow, Fransiýanyň milli ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni Hulio Bendezu-Sarmiento, Özbegistan Respublikasynyň «Узбекский волкодав» it tohumlarynyň goralyp saklanylmagy boýunça jemgyýetiniň başlygy Akobir Şukurow, Türkiýe Respublikasynyň It tohumlary we kinologiýa federasiýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ümit Özkanal we beýlekiler bar.

Mejlise gatnaşyjylar edara binasy Aşgabat şäherinde ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döretmek hakynda Karary biragyzdan kabul etdiler. Mesele ara alnyp maslahatlaşylandan soň, assosiasiýanyň Tertipnamasynyň hödürlenen taslamasy tassyklanyldy.

Soňra ýygnananlar Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna daşary ýurtly agzalary kabul etmek üçin ses berdiler. Döredilen assosiasiýa 11 ýurtdan, şol sanda Gruziýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Ermenistandan, Hytaýdan, Eýrandan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 25 adam agza boldular.

Ýerine ýetiriji komitetiniň, gözegçilik - derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalary, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleriniň başlyklary saýlanyldy.

Assosiasiýanyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri — dürli ýokary jogapkärli wezipelerde işläp, baý tejribe toplan, esasan hem türkmen itşynaslygyny ösdürmäge uly goşant goşan Serdar Berdimuhamedow teklip edildi. Serdar Berdimuhamedow ses bermegiň jemleri boýunça bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.

Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasarlygyna hususy itşynas Annageldi Ýazmyradow saýlanyldy.

Foruma gatnaşyjylar her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hem-de şol gün Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň mejlisini geçirmek baradaky teklibi goldadylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arap dilinde neşir edilen «Türkmen alabaýy» diýen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň