Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýeti «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

14:5029.08.2020
0
8210

27-nji awgustda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň (WDSPU) rektory Aleksandr Korotkow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini we şu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersiteti bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat ş.) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çeikilipdi, ol özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýolunda möhüm ädim boldy.

Şu ýyl Türkmenistanda bellenilýän şanly sene – ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen baglylykda taraplar şu baýram mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmegi, şeýle hem Wolgogradyň we Türkmenabadyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoköpri guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. WDSPU-nyň ýanynda Türkmen merkezini açmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň