Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Bäherden etrabyndaky «Bäherden» sement zawodynyň iş öndürijiligi barha artýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Munuň şeýledigine kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmek boýunça gazanylan ýokary iş görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Has takygy, kärhanada geçen ýylyň degişli döwründe 417 müň 100 tonna sement öndürilen bolsa, üstümizdäki ýylyň 7 aýynda ol ýerde ýokary hilli gurluşyk serişdesiniň 418 müň 900 tonnasy öndürildi. Munuň özi kärhanada bu ugurda 100,44 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.
Kärhanada öndürilen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply sementiň ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde giňden peýdalanylýandygy bellärliklidir.