Soňky habarlar

Arhiw

«Sony» kompaniýasyndan türkmen telewideniýesi üçin enjamlaryň toplumy satyn alnar

23:1914.08.2020
0
8029

Türkmenistanyň Prezidenti 14-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde häzirki döwürde milli telewideniýäniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, telewideniýäniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolan häzirki zaman tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň möhüm orny eýeleýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany telewideniýäniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, zerur bolan enjamlary satyn almak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly iberdi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň