Şu gün, 10-njy awgustda ýurdumyzda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan 2020-2021-nji okuw ýyly üçin mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlarynyň 410 sanysy müşderilere hyzmat edip başlaýar. Bu barada “Biznes reklama” gazetinde ýerleşdirilen habarda bellenilip geçilýär.
Paýtagtymyzda 54, Ahal welaýaty boýunça 50, Balkan welaýaty boýunça 40, Mary welaýaty boýunça 134, şeýle hem Lebap welaýaty boýunça 79 we Daşoguz welaýaty boýunça 53 sany mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary raýatlarymyza okuw eginbaşlarydyr esbaplaryny hödürleýär.
Mekdep bazarlarynda satuwy ýola goýulýan harytlaryň arasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň dürli görnüşleri has agdyklyk edýär.