Aşgabatda ulaglaryň ortaça tizligini anyklaýan ulgam ornaşdyryldy

20:3109.08.2020
4
102114

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabadyň çäginde ulag serişdeleriniň ortaça tizligini anyklaýan ulgamyny ornaşdyrdy.

Ulgam ulagyň iki sany tizlik ölçeýji enjamyň aralygyndaky ýoly näçe wagtda geçendigini ölçeýär. Şol wagt we aralyk esasynda hem ulagyň ortaça tizligi hasaplanylýar.

Iki nokadyň arasynda bellenilen hereket tizligi artdyrylan halatynda ulag serişdesiniň eýesi awtomatlaşdyrylan düzgünde Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» kodeksiniň 214-nji maddasy esasynda degişli jogapkärçilige çekilýär.

Mundan başga-da, ornaşdyrylan ulgam ýol hereketiniň kadalarynyň beýleki bozulmalaryny hem ýüze çykarýar. Mysal üçin, howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalaryny bozmak, iýip-içmek, telefonda gürleşmek we ş.m.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 10.08.2020 )

Вот она нов хау!

40
mukam3331 ( 10.08.2020 )

Читаешь новость, когда уже оплатил 34 выписанных штрафа за привышенный лимит)

11
DurdYMERET ( 11.08.2020 )

Хех я 5 заплатиль эта камера по ходу и 67км/час берет за высокую скорость

2
portalturkmen ( 10.08.2020 )

Интересно, а если вместо положенных 60 ехать по 67км/ч, тогда штраф будет или люфт в 10 км остался? Здесь почему возник такой вопрос, потому что скорость при преодоление 850 м за 50 секунд получается не 60, а 61,2км/ч.

7