Soňky habarlar

Arhiw

"Real Madrid” bilen “Ýuwentus” ýaryşdan çykdy

11:5708.08.2020
0
6905

UEFA Çempionlar ligasynda düýnki duşuşyklardan soň, ýaryşyň iki has tejribeli topary üçin bäsleşik şu möwsüm üçin tamamlandy. Kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” myhmançylykda-da “Mançester Sitiden” 2–1 hasabynda asgyn geldi. “Sitiniň” gollaryny 9-njy minutda Rahim Sterling, 68-nji minutda-da Gabriel Žesus derwezä girizdi. Gollaryň ikisinde-de “Real Madridiň” fransuz goragçysy Rafael Waran gaty uly gödek ýalňyşlyk goýberdi. Jerimesi bolan Ramossyz meýdança çykan “Real Madridiň” ýeke-täk goluny 28-nji minutda Karim Benzema öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Zinedin Zidanyň tälimçiliginde yzly-yzyna 3 kubok gazanan “Real Madrid” bassyr 2 möwsümi kuboksyz tamamlar.

1/8 finalyň beýleki bir duşuşygynda “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Lionyň” hötdesinden gelse-de, gazanylan bu ýeňiş olaryň çärýek finala çykmagyna ýeterlik bolmady. Myhmançylykda 1-0 utulan “Ýuwentus” öz meýdançasyndaky oýunda eýýäm 12-nji minutda ýene bir gol geçirtdi. Memfis Depaýyň penaltiden geçiren bu goly “Ýuwentusyň” çärýek finala çykmagy üçin 3 gol geçirmegi gerek diýmekdi. Turinliler şolaryň ikisini geçirdi. Olaryň ikisini-de super ýyldyz Kristiano Ronaldo derwezä girizdi. Ol 43-nji minutda penaltiden, 60-njy minutda-da owadan urgy bilen uzakdan tapawutlandy. Netijede, super ýyldyzyň geçiren 2 goly “Ýuwentusa” ýeterlik bolmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň