Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda ýollary abatlamak işleri dowam edýär

16:0706.08.2020
0
8428

Welaýat häkimliginiň awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň Dänew etrap ýol ulanyş bölüminiň işgärleri hem ýollaryň abat saklanylmagy ugrunda yhlasly zähmet çekýärler ­― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýol gurluşykçylar şu günlerde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň buýurmasy esasynda gurulýan, demirýoluň üstünden geçýän köprä barýan ýoluň 2 kilometrliginden gowragynda asfalt düşemek işini alyp barýarlar. Uzynlygy 50 metre golaý bolan köprini asfaltlamak işi hem ýol gurluşykçylara tabşyryldy. Etrabyň çäginden geçýän Türkmenabat — Gazojak ýolunyň hem 15 kilometrliginde abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Etrap ýol ulanyş bölüminiň Seýdi şäher böleginiň iş öndürijisi Kakageldi Jumanyýazow Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň agramly böleginiň üstünlikli ýerine ýetirilendigini aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň