Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyby "akylly şäher" üçin "akylly öý" hödürleýär

12:1906.08.2020
0
22481

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Döwrangeldi Suwhanow «Ses buýruklary arkaly dolandyrylýan «akylly öý» atly taslama işini taýýarlady ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.

Aýdaly, ir bilen işe ýa okuwa gyssanmaç gaýdypsyňyz-da, çyralar ýakylgy ýa kondisioner işledilgi galypdyr. Ýa-da öýde ýylylyk bolmaly çäginden ýokary geçip gelýär. Eger siziň öýüňiz (geljekde) «akylly» bolsa, alada edip oturasy hiç zat ýok. Çünki emele gelen islendik ýagdaý barada öý siziň mobil telefonyňyza SMS habarnamasyny ugradar. Onsoň, okuwda ýa işdedigiňize garamazdan, sanlyja sekundyň içinde ýagdaýy durnuklaşdyryp bilersiňiz. Eger has çylşyrymly ýagdaý ýüze çykan bolsa, öý şol bir SMS-i degişli gulluklara hem ugradýar. Ählisi şeýle aňsat.

Ýa-da türkmenistanly talybyň işläp düzen «akylly öýünde» awtoulagyň giriş-çykyşyny awtomatlaşdyrylan ýagdaýda dolandyrýan ulgam işlär. Eger öýe gelen awtoulagyň belgisi ulgama girizilen bolsa, onda «akylly öý» ulgamynyň derwezesi açylýar. Ýok, girizilmedik bolsa, öý eýesi rugsat berýänçä, awtoulag garaşmaly bolar.

Ýene bir aýratynlyk. Degişli «akylly öý» ulgamyny dolandyrmak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi ulanyjynyň mobil telefonynda bolmadyk ýagdaýynda, ulgam hiç bir işi ýerine ýetirmeýär. Netijede, rugsat berlen adamlardan başga hiç bir şahsyýet «akylly öý» ulgamyny dolandyryp bilmeýär.

Talyp ýigidiň taýýarlan taslamasy ýekeje düwmä basmak arkaly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklara tiz jaň etmäge hem mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, talyp ýigit Döwrangeldi Suwhanow häzir bu taslamanyň üstünde Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda işleýär. Taslamany durmuşa geçirmek, paýtagtymyzda gurulýan «akylly» şäherde «akylly öýleri» gurmak — indiki maksat. Bu barada geçen ýyl Hytaýyň «Xiomi» kompaniýasynyň wekilleri bilen hem gepleşikler geçirildi. Kompaniýa ýaş alyma taslamany durmuşa geçirmäge ýardam bermekçi.

Döwrangeldiniň bu taslamasy soňky üç ýylyň içinde üç ýeňiş gazandy.

Ol ilkinji gezek bu işi mundan iki ýyl ozal «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň «Türkmentel — 2018» sergisiniň çäklerinde bilelikde guran «Ýaş alymlar telekommunikasiýa ulgamynda» atly geçirilen sergi-taslama bäsleşigine hödürledi. Şol ýyl iş häzirkisine görä sada hem bolsa, onda ýagty geljegi gören eminler Döwrangeldiniň işini üçünji orna mynasyp gördüler. Ýaş alym şol bäsleşige çenli «akylly öýi» mobil telefon bilen dolandyrmaga çenli kämilleşdirdi.

Bir ýylyň içinde üsti ýetirilen iş geçen ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň Ylymlar güni mynasybetli geçiren «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» atly sergi-taslama bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy. Iş bu gezek, hakykatdan-da, özgeripdi. Oňa ses arkaly dolandyrmak aýratynlygy goşulypdy, ýöne buýruk bermek üçin internete birikdirilmek hökmanydy.

Şu ýyl bolsa ýaş alym Döwrangeldi Suwhanow «Heniz hem hemmesi däl eken» diýdirip bildi. Tas taýyn bolan we ozalkylaryna görä has kämilleşen iş şu ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlaryň arasynda yglan eden ylmy işler boýunça bäsleşiginde birinji orna mynasyp görüldi. Döwrangeldiniň taslama goşan bu gezekki üýtgeşmesi maşgala agzalarynyň öýüň içindekä ses buýruklaryny internetiň öçük wagty hem berip bilýänligidir. Ýagny mobil programma offline usulynda hem işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň