Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

12:0601.08.2020
0
10648

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklara, iki goňşy halky baglanyşdyrýan umumy ruhy hem-de medeni gymmatlyklara esaslanýar. Munuň özi iki halkyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny aňladýar. Ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň bar bolan ýokary derejesi hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we eýeleýän ornunyň ýakynlygy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek hem-de doganlyk halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen we halkara durmuşa ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňüni alyş işleri ýaly möhüm meselä deglip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde ýeňip geçmek üçin täze başlangyçlary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Şunlukda, milletiň Lideri ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň öz wagtynda guralandygyny we wajypdygyny aýtdy. Şonuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam eder. Onuň netijeli peýdalanylmagy söwda gatnaşyklaryň berkidilmegine, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam eder.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany birek-birege goldaw bermegiň we bilelikdäki anyk işleriň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kepiline öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň