Soňky habarlar

Arhiw

«Nebit-gaz» gazeti hem PDF görnüşde elýeterli edildi

13:5426.07.2020
1
12524

«Nebit-gaz» gazetiniň resmi saýtynda neşiriň elektron görnüşi satylyp başlandy. PDF görnüşinde hödürlenilýän gazetiň bir sanynyň bahasy 50 teňňedir. Munuň özi kagyz görnüşindäki gazetden ep-esli arzan düşýär. Gazeti satyn almak üçin tölegi «Altyn asyr» plastik karty arkaly geçirmeli.

Häzirlikçe, saýtda gazetiň şu ýyldaky 29-njy sanynyň PDF görnüşi bar. Ýakyn geljekde onuň ýylyň dowamyndaky beýleki sanlary hem goýlup bilner. 

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan döredilen neşiriň ilkinji sany 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň