Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentini özbek kärdeşini 63 ýaşy bilen gutlady

21:3424.07.2020
0
12115

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Milli Lider söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet Pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany her bir musulmanyň durmuşynda şanly waka bolan we yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan bu ajaýyp senäniň möhümdigini belläp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda hem-de Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň ýetilen derejesine ýokary baha berip, strategiki hyzmatdaşlyga, gadymdan bäri mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýän doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, köpýyllyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi köp babatda bähbitleriň umumylygy hem-de ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bilen şertlendirilendir.

Söhbetdeşler däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de, köptaraplaýyn görnüşde — iri halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk edýän GDA-nyň çäklerinde işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Telefon gürrüňdeşliginiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şeýle hem dünýä meseleleriniň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alşyp, gün tertibiniň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanlary halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edýän häzirki döwrüň ählumumy meselesine—täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy baradaky gürrüňe geçip, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamalydygyny, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda arassaçylyk—karantin çäreleriniň geçirilmelidigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete getirmek hem-de Alym — lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigi hem-de öz wagtynda öňe sürlendigi nygtaldy.

Aral bilen baglanyşykly umumy meselelere aýratyn üns berildi, bu deňziň guramagy howa, ekologiýa ýagdaýyna, Aralýaka sebitinde hem-de onuň çäklerinden alyslarda ýaşaýan ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy ýagdaýlaryň dürli ýokanç keselleriň Aral
zolagynda emele gelýän tozanly howa akymlary arkaly uzak aralyklara ýaýramagyna täsir edip biljekdigini belledi.

Şawkat Mirziýoýew bu pikiri goldap, Özbegistanda geçirilýän çäreler, şol sanda Aral deňziniň guran düýbünde sazaklaryň ekilýändigi barada gürrüň berdi.

Türkmenistan hem maksada gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyrýar. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda işjeň çäreler geçirilýär, bu ýerde ýörite tokaý goraýyş zolagy döredildi, ol Aral tarapdan öwüsýän tozanly ýeller üçin özboluşly süzgüç bolup hyzmat edýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýetilen ýokary derejesiniň geljekde hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli Lider özbek kärdeşini doglan güni bilen ýene bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň