Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

12:3724.07.2020
0
5999

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir “Sanlylaşdyrmagyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk üpjünçiligi” atly makala bilen açylýar. Onda giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

“Maglumat jemgyýeti we hukuk ylmy” atly makalada hem hut şu ugra üns berilýär. Onda durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny, Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň, maglumat hukugy ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna garalýar.

Ýene bir makala saýlawlary guramagyň demokratik esaslaryna bagyşlanýar. Onda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleriniň üpjün edilimegine degişli meseleler beýan edilýär.

Žurnalyň bu gezekki sanynda çap edilen “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslary” atly makalada Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda milli Liderimiziň abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG bilen hyzmatdaşlykda döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan strategiýasynyň netijeliligi bellenilýär.

ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekili Kristin Weýgandyň makalasy Türkmenistanyň bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna bagyşlanandyr. BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça konwensiýasynyň we çagalar bilen baglanyşykly beýleki halkara resminamalaryň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, awtor ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belleýär.

“Prokuror gözegçiliginiň namalarynyň hukuk ähmiýeti” atly makalada konstitusion özgertmeleriň esasy ugurlary barada gürrüň berilýär. Kanunçylygy saklamakda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda oňa möhüm orun degişli bolup durýar.

Žurnalyň bu gezekki sany “Senenama” ady bilen berilýän maglumatlar toplumy bilen jemlenýär. Onda ýylyň ikinji çärýeginiň dowamynda bolan wakalara, abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyklara we maslahatlara gysgaça syn berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň