Soňky habarlar

Arhiw

KFU-nyň rektory we Türkmenistanyň Baş konsuly bilim boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

17:4916.07.2020
0
17160

15-nji iýulda Kazanyň Federal uniwersitetiniň rektory Ilşat Gafurow Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen duşuşdy ― diýip, uniwersitetiň rektorlygynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň maksady bilim boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar uniwersitetde okaýan türkmenistanly talyplaryň sanyny köpeltmek, Aşgabatda KFU-nyň usulyýet merkezini döretmek, birek-biregi gyzyklandyrýan ugurlar boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny taýýarlamak ýaly wezipeler ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Türkmenistanda-da uly üns berilýän IT we lukmançylyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamakda uniwersitetiň baý tejribesi bar. Türkmenistandan baran ýaşlara bu ugurlar boýunça hem dünýä derejesinde bilim berler.

Şeýle hem taraplar nebit-gaz tehnologiýalary we ösen materiallar, biolukmançylyk we derman önümleri, infokommunikasiýa we kosmos tehnologiýalary ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar.

Rektor türkmen talyplarynyň nebit we gaz işewürligi, geologiýa ugurlary boýunça hem bilim alyp biljekdigini aýtdy. Şu ugurlar boýunça alnan hünäriň diplomy Angliýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň meşhur nebitgaz ugurly uniwersitetleriniň diplomlary bilen deň derejelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň